1. Bu şertler barada
Bu şertler biziň websaýtymyzdan peýdalanmagyňyzy we şu şertler bilen baglanyşykly islendik degişli sahypalarymyzdan, formalarymyzdan, kampaniýalarymyzdan, arzalarymyzdan (petisiýalarymyzdan), haýyr-sahawat ediş sahypalarymyzdan, hasaba alyş sahypalarymyzdan ýa-da biziň dolandyrýan onlaýn hyzmatlarymyzdan (bilelikde, “saýt”) peýdalanmagyňyzy düzgünleşdirýär.
Amnesty International-yň beýleki guramalary ýa-da üçünji taraplar tarapynyzdan ýöredilýän websaýtlarynda ýa-da hyzmatlarynda şu şertleriň hereket edýändigi bellenilmedik bolsa, onda bu şertleriň güýji ol websaýtlara ýa-da hyzmatlara degişli däldir. Ol guramalaryň öz hususy şertleri bolup biler.
Saýtymyzy ulanmak bilen, siz şu şertlere razy bolýarsyňyz. Eger razy däl bolsaňyz, saýty ulanmazlygyňyzy haýyş edýäris.
Biz bu şertleri wagtal-wagtal täzeläp bileris. Aşakdaky 15-nji bölüme serediň.
2. Biz barada
Bu saýt Angliýada we Uelsde hasaba alynan, hasaba alynan edarasy Beýik Britaniýa, London WC1X 0DW 1 Easton Street salgysynda ýerleşýän Amnesty International Limited (kompaniýa belgisi 01606776) tarapyndan dolandyrylýar.
Biz “Amnesty International”, “biz”, “bize”, “bizi” ýa-da “biziň” diýenimizde, “Amnesty International Limited” guramasyny göz öňünde tutýarys.
3. Saýtymyzy ulanmak
Siz biziň saýtymyzy kanuny we jogapkärli usulda ulanmaga razylaşýarsyňyz. Bu aşakdakylary öz içine alýar:
- saýtyň işine ýa-da howpsuzlygyna päsgel bermeli däl
- rugsatsyz ýerlere ýa-da ulgamlara girmäge synanyşmaly däl
- wiruslary, zyýanly kody ýa-da zyýanly materiallary girizmeli däl
- saýty işimize, ulanyjylarymyza ýa-da abraýymyza zyýan ýetirip biljek usulda ulanmaly däl
- ýalandan özüňi başga bir adam ýa-da guramahökmünde tanatmaly däl ýa-da “Amnesty International” bilen baglanyşygyňyzy nädogry görkezmeli däl
- rugsat bolmazdan, Amnesty International-yň atlaryny, logotiplerini, söwda belgilerini ýa-da mazmunyny ýalňyşdyryjy ýa-da makullamaga çagyrýan görnüşde ulanmaly däl
- rugsat bermedik bolsak ýa-da kanun tarapyndan rugsat berilmedik bolsa, sahypadaky mazmuna ýa-da maglumatlara girmek, göçürmek, gözegçilik etmek ýa-da çykaryp almak üçin awtomatlaşdyrylan gurallardan, skreýpingden, maglumatlaryň intellektual analizinden (data-mining) ýa-da şolara meňzeş tehnologiýalardan peýdalanmaly däl
- saýtdan şahsy maglumatlary ýa-da aragatnaşyk maglumatlaryny ýygnamaly däl, çykaryp almaly däl ýa-da bikanun ulanmaly däl
- arzalary (petisiýalary), kampaniýa hereketlerini, formalary, bellige alyşlary, haýyr-sahawatlary ýa-da saýtyň beýleki aýratynlyklaryny manipulýasiýa etmeli däl, şol sanda ýalan, awtomatlaşdyrylan, gaýtalanýan ýa-da ýalňyşdyryjy maglumatlary girizmek arkaly bulary manipulýasiýa etmeli däl
- howpsuzlyk gözegçiligini, giriş gözegçiligini, nyrh çäklendirmelerini ýa-da beýleki gorag çärelerini aýlanyp geçmäge synanyşmaly däl
Bu şertleriň bozulandygyna esasly ynanýan ýagdaýlarymyzda ýa-da saýty, ulanyjylary, ulgamlarymyzy ýa-da işimizi goramak üçin zerur bolan ýagdaýlarda, saýta girişi blokirläp, togtadyp, çäklendirip, tizligini çäklendirip ýa-da girişi barlap bileris. Siz bu gözgeçiliklerden aýlanyp geçmäge synanyşmaly dälsiňiz.
Siziň şu şertleri bozmagyňyzyň ýa-da saýty bikanun ulanmagyňyzyň göni we öňünden görüp bolýan netijesi hökmünde çeken ýitgilerimiz üçin siz jogapkärçilik çekýärsiňiz.
4. Çagalar we ýaşlar
Saýtymyz aýratyn çagalara gönükdirilen däl, ýöne çagalaryň we ýaşlaryň adam hukuklaryna uly ähmiýet berip, biziň işimize gatnaşmak isläp biljekdiklerine düşünýäris.
Eger siz 13 ýaşdan kiçi bolsaňyz, ene-ataňyz ýa-da howandaryňyz razylyk bermese, şahsy maglumatlaryňyzy bize bermäň. Eger ýaşyňyz 13-den 18-e çenli aralykda bolsa, şahsy maglumatlary paýlaşmazdan, haýyr-sahawat etmezden, hasaba alynmazdan ýa-da çärelere gatnaşmazdan öň, ene-ataňyzy ýa-da hossaryňyzy bu meselä çekmegiňizi maslahat berýäris. Zerur bolan ýagdaýynda, biz goşmaça gorag çärelerini goşup bileris ýa-da käbir aýratynlyklary çäklendirip bileris.
5. Saýtymyzdaky mazmun
Saýtymyz şu aşakdakylar üçin döredildi:
- adam hukuklary meseleleri we Amnesty International guramasynyň işi barada maglumat bermek üçin; we
- adamlara kampaniýalara, hereketlere we beýleki işlere gatnaşmaga mümkinçilik bermek üçin.
Saýtymyza ýerleşdirilen materiallar diňe umumy maglumat we gatnaşmak maksady bilen üpjün edilýär. Biz maglumatlaryň takyk we döwrebap bolmagyna çalyşsak-da, olaryň elmydama doly, dogry, aktualdygyna ýa-da siziň aýratyn ýagdaýlaryňyza laýyk gelýändigine kepillik bermeýäris
Biz islendik kampaniýanyň, petisiýanyň, hereketiň ýa-da çäräniň belli bir netije berjekdigine kepil geçmeýäris.
Biziň mazmunymyz hünärmen maslahatynyň ornuny tutar diýip baglamaly dälsiňiz.
6. Ulanyjy mazmuny
Saýtymyzyň käbir bölümleri size mazmuny (mysal üçin, teswirler, kampaniýa çäreleri, petisiýa habarlary, suratlar, hekaýalar, hasaba alynmalar ýa-da beýleki goşantlar) ibermäge ýa-da paýlaşmaga mümkinçilik berip biler.
Şeýle edeniňizde, mazmunyňyzyň:
- siziňkidigini ýa-da ony ulanmaga rugsadyňyz bardygyny
- bikanun, zyýanly, kemsidiji, töhmetçi ýa-da ýalňyşdyryjy däldigini
- başga hiç kimiň hukuklaryny bozmaýandygyny
- kanuny sebäbiňiz bolmasa we degişli adamlardan paýlaşmak üçin rugsat almadyk bolsaňyz, başga biriniň şahsy maglumatlaryny öz içine almaýandygyny
- sizi ýa-da başga birini howpsuzlyk, gorag, hukuk ýa-da başga çynlakaý töwekgelçiliklere sezewar etmeýändigini tassyklaýarsyňyz.
Paýlaşan zatlaryňyz üçin siz jogapkärsiňiz. Gizlin maglumatlary ýa-da sizi ýa-da başga birini howp astyna salyp biljek maglumatlary biz howpsuz we degişli kanal arkaly ýörite soramadyk bolsak, ibermäň.
Eger mazmun şu şertleri bozsa ýa-da başga bir usul bilen laýyk däl hasaplansa, biz ony aýryp ýa-da oňa bolan elýeterliligi çäklendirip bileris.
Siz Amnesty International guramasyna kampaniýa, hukuk goraýjy iş, ylmy-barlag, hasabat bermek, bilim, pul serişdelerini toplamak, mahabatlandyrmak, moderasiýa etmek, howpsuzlyk, hukuk, hasabat saklamak, operasion we tehniki maksatlar üçin zerur bolan ýerlerde iberen mazmunyňyzy ýerleşdirmek, ulanmak, göçürmek, saklamak, neşir etmek, redaktirlemek, terjime etmek, moderasiýa etmek, arhiwlemek we paýlaşmak üçin aýratyn bolmadyk, bütindünýä we muzdsuz rugsat berýärsiňiz. Biz mazmuny iberen wagtyňyz howpsuzlygy, konteksti we berlen islendik saýlamalary ýa-da rugsatlary göz öňünde tutarys.
7. Intellektual eýeçilik
Başgaça görkezilmedik bolsa, saýtymyzdaky mazmunyň intellektual eýeçilik hukuklary Amnesty International guramasyna, biziň lisenziarlarymyza (ygtyýarnama berijilerimize) ýa-da beýleki hukuk eýelerine degişlidir.
Amnesty International guramasynyň atlaryna, logotiplerine we söwda belgilerine degişli ähli hukuklar goralandyr. Siz olary biziň rugsadymyz bolmazdan ulanmaly dälsiňiz.
Siz islendik awtorlyk hukugy, söwda belgisi, awtorlygy görkezmek we beýleki hukuklar baradaky duýduryşlary üýtgewsiz saklamak hem-de mazmundan ýalňyş ýola gönükdiriji ýa-da zyýanly görnüşde peýdalanmazlyk şerti bilen, sahypany görüp bilersiňiz we öz şahsy, täjirçilik däl maksatlaryňyz üçin makul çäklerde göçürmeleri ýükläp ýa-da çap edip bilersiňiz. Biziň tarapymyzdan ygtyýarlyk berilmedik bolsa ýa-da degişli lisenziýa tarapyndan rugsat edilmedik bolsa, siz maglumatlary skreýping etmeli dälsiňiz, maglumatlaryň intellektual analizini (data-mining) etmeli dälsiňiz, emeli aň ulgamlaryny türgenleşdirmek üçin ulanmaly dälsiňiz, täjirçilik maksatly peýdalanmaly dälsiňiz, hukuklar baradaky duýduryşlary aýyrmaly dälsiňiz ýa-da biziň mazmunymyzy Amnesty International sizi, siziň guramaňyzy, önümleriňizi, hyzmatlaryňyzy, garaýyşlaryňyzy ýa-da işleriňizi goldaýar diýen pikiri döredip biljek görnüşde ulanmaly dälsiňiz.
8. Rugsatlar we Creative Commons mazmuny
Käbir Amnesty International mazmuny Creative Commons 4.0 lisenziýalary ýa-da beýleki rugsatlar esasynda elýeter bolup biler, emma bu diňe biziň rugsatlar sahypamyzda ýa-da mazmunyň özünde bellenilen ýagdaýynda degişlidir.
Eger siz şol mazmuny ulansaňyz, degişli ygtyýarnama ýa-da rugsat şertlerine eýermeli. Bu degişli awtorlygy görkezmegi, mazmuny üýtgetmek (uýgunlaşdyrmak) ýa-da täjirçilik maksatlary üçin ulanmak boýunça islendik çäklendirmelere eýermegi we islendik kadadan çykmalara hormat goýmagy öz içine alyp biler.
Creative Commons rugsatnamalary Amnesty International guramasynyň atlaryna, logotiplerine ýa-da söwda belgilerine, üçünji tarapyň mazmunyna, awtory başga biri bolan mazmuna, şahsy maglumatlara, programma üpjünçiligine ýa-da koda, çykarylandygy beýan edilen mazmuna ýa-da Amnesty International guramasynyň garaýşy ýa-da makullamagy barada adamlary ýalňyşdyryp biljek islendik ulanylyşa degişli däldir.
Eger-de siz biziň saýtymyzdaky maglumatlardan peýdalanýan bolsaňyz, Amnesty International guramasynyň geljekki barlaglaryny we kampaniýalaryny goldamak üçin haýyr-sahawat etmegi göz öňünde tutup bilersiňiz.
9. Baglanyşyklar we üçünji tarap hyzmatlary
Saýtymyzda üçünji tarap web sahypalaryna, sosial media platformalaryna, wideo platformalaryna, çäre platformalaryna, töleg üpjün edijilerine, petisiýa (arza) dörediş gurallaryna ýa-da beýleki hyzmatlara baglanyşyklar ýa-da integrasiýalar bolup biler.
Bular diňe amatlylyk we gatnaşmaklyk üçin hödürlenýär. Biz şol üçünji tarap hyzmatlaryny gözegçilikde saklamaýarys we olaryň mazmuny, elýeterliligi, howpsuzlygy, hyzmatlary ýa-da şahsy maglumatlary nähili ulanýandygy üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Olaryň öz şertleri we gizlinlik syýasaty hereket edýär.
10. Gizlinlik we maglumatlary goramak
Saýtymyzy ulananyňyzda, biz şahsy maglumatlary Gizlinlik syýasatymyzda we Kukiler baradaky beýanatymyzda düşündirilişi ýaly ýygnap we ulanyp bileris.
Muňa IP salgylary, enjam we brauzer baradaky maglumatlar, operasion ulgam, girilen sahypalar, üstüne basylan baglanyşyklar, girilen seneler we wagtlar, kuki identifikatorlary we meňzeş onlaýn identifikatorlar ýaly tehniki maglumatlar girip biler. Mundan başga-da, şeýle maglumatlar biziň üçünji tarap töleg üpjünçilerimiz tarapyndan olaryň şertlerine laýyklykda ýygnalyp bilner.
11. Haýyr-sahawat, tölegler we bellige alyşlar
Saýtyň käbir bölekleri size haýyr-sahawat ýa-da beýleki tölegleri etmäge ýa-da çärelere, hereketlere ýa-da hyzmatlara ýazylmaga mümkinçilik berip biler. Şol wagt berlen görkezmeleri ýerine ýetiriň.
Tölegler üçünji tarap töleg üpjün edijileri, banklar ýa-da platformalar tarapyndan işlenilip bilinýär. Olaryň şertleri we gizlinlik maglumatlary hem hereket edip bilýär. Biz siziň doly kart maglumatlaryňyzy saklamaýarys.
Ýalňyşlyk, şübheli galplyk, bikanun ulanmak, kanuny çäklendirme, howpsuzlyk meselesi, laýyklyk meselesi ýa-da şu şertleriň bozulmagy sebäpli zerur hasaplaýan halatymyzda, edilen haýyr-sahawatlary, tölegleri, bellige alyşlary ýa-da hereketleri ret edip, ýatyryp, yzyna berip ýa-da saklap bileris.
12. Gözegçilik we howpsuzlyk
Saýtymyzy, ulanyjylarymyzy, ulgamlarymyzy we işimizi goramak üçin saýtyň ulanylyşyny we degişli tehniki maglumatlary, şol sanda aşakdakylary gözegçilikde saklap bileris:
- IP salgylary, enjam we brauzer maglumatlary, operasion ulgamy we şuňa meňzeş tehniki maglumatlar
- girilen sahypalar, basylan baglanyşyklar, girilen seneler we wagtlar, kuki identifikatorlary we şuňa meňzeş onlaýn identifikatorlar
Biz bu maglumaty zerur bolanda we aşakdaky maksatlar üçin ulanyp bileris:
- saýty, ulgamlarymyzy, ulanyjylarymyzy we maglumatlarymyzy howpsuz saklamak üçin
- bikanun ulanmagyň, galplygyň, kiber hadysalaryň, rugsatsyz girişiň ýa-da şübheli hereketiň öňüni almak ýa-da olara jogap bermek üçin
- saýty, ulanyjylary, ulgamlarymyzy ýa-da işimizi goramak üçin zerur bolan ýerlerde girişi blokirlemek, togtatmak, çäklendirmek, tizligi çäklendirmek ýa-da girişi barlamak üçin
Biz muny degişli maglumatlary goramak hakynda kanunlara laýyklykda amala aşyrýarys. Gizlinlik syýasatymyzda we Kukiler baradaky beýanatymyzda daýanýan kanuny esaslarymyz, maglumaty kim bilen paýlaşyp biljekdigimiz, şol sanda hyzmat üpjün edijiler we zerur bolanda ygtyýarly edaralar, şeýle hem websaýt we kuki maglumatlarynyň näçe wagt saklanýandygy barada düşündirilýär. Biz saýtyň ulanylşynyň ählisini gözegçilikde saklamaýarys ýa-da saýtda hiç hili ýagdaýda bikanun ulanylyş bolmajakdygyna kepil geçmeýäris.
13. Saýtyň elýeterliligi
Biz saýtymyzy elýeterli bolmagyny, girilip bilinmegini we dogry işlemegini üpjün etmäge çalyşýarys, ýöne onuň hemişe elýeterli, üznüksiz ýa-da ýalňyşsyz boljakdygyna kepil geçmeýäris.
Biz:
- mazmuny täzeläp, üýtgedip ýa-da aýryp bileris
- saýty ýa-da onuň käbir böleklerini togtadyp ýa-da yzyna alyp bileris
- zerur bolan ýerlerde duýduryş bermezden tehniki hyzmat işlerini ýerine ýetirip bileris
14. Jogapkärçilik
Bu şertlerdäki hiç bir zat bikanun boljak ýagdaýlarda jogapkärçiligi aradan aýyrmaýar ýa-da çäklendirmeýär. Bu biperwaýlyk, galplyk ýa-da aldawçylykly ýalňyş wekilçilik sebäpli ýüze çykan ölüm ýa-da şahsy şikes üçin jogapkärçiligi we kanun tarapyndan aradan aýrylyp ýa-da çäklendirilip bilinmeýän islendik beýleki jogapkärçiligi öz içine alýar.
Ýokardakylara laýyklykda:
- saýt we onuň mazmuny “bolşy ýaly” we “elýeterli bolşy ýaly” esasda hödürlenýär we saýtyň hemişe elýeterli, howpsuz, ýalňyşsyz, wirussyz ýa-da zyýanly materiallarsyz boljakdygyna kepil geçmeýäris
- makul ýagdaýda öňünden görüp bolmajak ýa-da güýjümiziň ýetmeýän ýagdaýlary sebäpli ýüze çykýan ýitgi ýa-da zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýäris
- biziň gözegçilimizde bolmadyk üçünji tarap websaýtlary, platformalary, töleg üpjün edijileri, ulanyjy mazmuny, tehniki torlar ýa-da hyzmatlar üçin jogapkärçilik çekmeýäris
- şu şertleri bozmagyňyzyň, saýty nädogry ulanmagyňyzyň ýa-da howpsuzlyk çärelerini berjaý etmezligiňiziň netijesinde ýüze çykan ýitgi ýa-da zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýäris
- kanunyň bize jogapkärçiligi çäklendirmegi ýa-da aradan aýyrmagy rugsat bermeýän halatlaryndan başga ýagdaýlarda, maglumatlaryň, girdejiniň ýa-da abraýyň ýitmegi ýaly gytaklaýyn ýa-da göni netije hökmünde ýüze çykan ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýäris.
Bu bolsa saýtyň umumy maglumat we gatnaşmaklyk üçin mugt üpjün edilýändigini görkezýär.
15. Bu şertlere girizilýän üýtgetmeler
Biz bu şertleri wagtal-wagtal täzeläp bileris. Iň soňky wersiýa biziň saýtymyzda hemişe elýeterli bolar. Üýtgetmeler girizilenden soň saýty ulanmagy dowam etmek bilen, siz täzelenen şertleri kabul edýärsiňiz.
16. Aragatnaşyk maglumatlary we şikaýatlar
Eger-de şu şertler barada soraglaryňyz bolsa ýa-da şübheli hukuk bozulmalary, zyýanly ýa-da bikanun mazmun, Amnesty International brendiniň bikanun ulanylmagy, howpsuzlyk meselesi ýa-da saýt barada başga bir alada ýa-da şikaýat barada habar bermek isleseňiz, Amnesty International Limited, Halkara Sekretariaty, 1 Easton Street, London, WC1X 0DW, Beýik Britaniýa bilen habarlaşyp, [email protected] elektron poçta salgysyna hat ýazyp ýa-da +44 (0) 20 7413 5500 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.
Meselä düşünmegimiz we degişli mazmuny ýa-da işjeňligi anyklap bilmegimiz üçin ýeterlik maglumat bermegiňizi haýyş edýäris.
17. Düzgünleşdirýän kanun
Bu şertler Angliýanyň we Uelsiň kanunlary bilen düzgünleşdirilýär. Eger hökmany ýerli kanun size başga ýerde kazyýet işini gozgamak ýa-da goramak hukugyny bermese ýa-da sizi aýrylmaz hökmany ulanyjyny goraýyş çäreleri bilen üpjün etmese, jedeller we düşünişmezlikler Angliýanyň we Uelsiň kazyýet edaralary tarapyndan çözüler.

