Websaýtyň elýeterliligi barada beýan

Amnesty International guramasy ähli ulanyjylar üçin elýeterli websaýt tejribesini üpjün etmäge ygrarlydyr. Websaýtymyzy ähli ulanyjylar üçin kämilleşdirmek dowam edýän bir iş bolup, gowulaşdyryp biljek ugurlarymyz barada  pikirleriňizi hoşallyk bilen kabul edýäris.

Web Mazmunyň Elýeterliligi boýunça Gollanmalara laýyklyk

Amnesty.org Web Mazmunyň Elýeterliligi boýunça Gollanmalaryň AA derejesindäki talaplaryna bölekleýin laýyk gelýär. Websaýtymyzda sahypalaryň we resminamalaryň köplügi sebäpli, elýeterlilik standartlaryna laýyklygy ýokarlandyrmak prosesi dowam edýär.

Elýeterliligi goldaýan websaýt aýratynlyklary

  • Saýtda klawiatura arkaly nawigasiýa edip bolýar, hem-de ähli sahypalarda “Esasy mazmuna geç” baglanyşygy bar.
  • Kömekçi tehnologiýalar arkaly nawigasiýany ýeňilleşdirmek üçin ARIA bellikleri ýerleşdirilendir.
  • Ulanyjylar köp sahypalarda hiç hili mesele bilen ýüzbe-ýüz bolman, brauzerdäki teksti ýakynlaşdyryp ýa-da ep-esli ulaldyp bilýärler.

Bilinýän meseleler

  • Sahypanyň sözbaşylary hemişe yzygiderli ýa-da iýerarhiki görnüşde ulanylmaýar.
  • amnesty.org websaýtyndaky PDF-faýllaryň köpüsi WCAG we PDF/UA elýeterlilik standartlaryna diňe bölekleýin laýyk gelýär.
  • Käbir suratlaryň reňk kontrasty pes ýa-da olarda aýryp bolmaýan tekst bar.
  • Käbir suratlarda alternatiw tekst ýok. Bu mesele, galapyn, köne websaýtlarda ýüze çykýar.
  • Käbir wideolarda audio düşündirişler ýok.
  • Wideolaryň az sanlysynyň titrleri, subtitrleri ýa-da transkripsiýalary ýok. Beýleki ýagdaýlarda olar awtomatiki döredilýär, bu bolsa bar bolan düşündirişleriň takyklygyna täsir edip biler.
  • Websaýtymyzyň mazmunynyň köpüsi ýönekeý iňlis dilinde ýazylmadyk we iňlis diliniň ýokary bilim derejesini talap edýär.
  • Üçünji tarap platformalaryndan ýerleşdirilen käbir utgaşdyrylan mazmunlar beýleki websaýt mazmunlary ýaly elýeterli däl. Bu mazmunlara infografikalar, wideolar we audiolar degişlidir. Utgaşdyrylan mazmunlara elýeterlilik meseleleri köne sahypalarda has köp gabat gelýär. Häzirki wagtda biz  üçünji tarapdan utgaşdyrylan mazmunlaryň, has-da elýeterliligi pes bolan platformalardan gelýän mazmunlaryň ulanylyşyny azaltmaga çalyşýarys.
  • Häzirki wagtda düzedýän tehniki elýeterlilik meselelerimiziň sanawyny görmek üçin şu ýere girip görüň: https://github.com/amnestywebsite/humanity-theme/issues?q=is%3Aopen+is%3Aissue+label%3Aaccessibility

Baha beriş seslenmesi

Eger belli bir sahypa bilen baglanyşykly kynçylyk çekýän bolsaňyz we kömek gerek bolsa,  biziň bilen habarlaşyň.